Türkmenistan we Tatarystan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maslahatlaşýar

  • 16.04.2026 16:52
  • 2k+

15-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministr Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi maslahatlaşyldy diýip, ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryna garady. Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hereket edýän ylalaşyklara esaslanýandygy we eýýäm amaly netijeleri berýändigi bellenildi. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Hünärmenleri taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy. Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň sanynyň ýokarydygy we olaryň daşary ýurtly talyplaryň arasynda öňdebaryjy orunlary eýeleýändigi bellenildi.

Şeýle hem taraplar sanly bilim, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we okuw mekdeplerini sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtady. Türkmenistanyň halkara çärelerine, şol sanda Kazan Digital Week forumyna gatnaşmagy hem-de Tatarystanyň bu ugurdaky tejribesine bolan gyzyklanmasy bellenilip geçildi.

Mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn bellenildi. Mysal hökmünde 2023–2025-nji ýyllarda Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan Türkmenistanda geçirilen okuw maslahatlary görkezildi.

Duşuşykda ýaşlar syýasaty we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine hem deglip geçildi. Türkmen mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň Tatarystandaky halkara olimpiadalaryna işjeň gatnaşýandygy bellenildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň ýene-de bir mysaly hökmünde 2024-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş eden tatarystanly okuwçylaryň «Awazada» dynç alandyklary agzaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassyklady.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......