Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

  • 16.04.2026 16:48
  • 5.2k+

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi. Saparyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Bu ýerde rektoryň Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen duşuşygy boldy. Ol myhmany «Hormatly professor» adynyň berilmegi we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagy bilen gutlady.

Şeýle hem taraplar Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýetini nygtady.

Tan Çžişu hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi we Haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berdi. Taraplar çagalaryň saglygyny goramak, toplumlaýyn bejeriş we dikeldiş ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşdy.

O.Atabaýewa 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen döredilen Gaznanyň lukmançylyk kömegine mätäç çagalary goldamak bilen meşgullanýandygyny mälim etdi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çylşyrymly operasiýalar geçirilýär, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi we 150 orunlyk çagalar bagy işleýär.

Gaznanyň wise-prezidenti, şeýle hem Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň çakylygy boýunça Hytaýa iş sapary bilen barandygyny we şol saparyň çäklerinde bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirendigini belledi. Şonda Sun Sinlin adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Adaty däl lukmançylygyň aýratynlyklaryna we gazanan üstünliklerine bolan gyzyklanmany belläp, Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti lukmançylygyň bu ugrunyň usullaryny çagalaryň saglygyny goramakda ulanmak üçin hytaý tarapynyň tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra Hytaýdan gelen wekiliýet çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Bu ýerde myhmanlar merkeziň çäklerinde çagalaryň şadyýan oýunlaryna tomaşa etdi. Ýerli lukmanlar olara çagalara berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri we bu ýerde oturdylan enjamlaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bejeriş işleriniň döwrebap usullar we bedenterbiýe maşklary arkaly alnyp barylýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, myhmanlar Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baryp, ippoterapiýanyň aýratynlyklary bilen tanyşdy we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdi.


şu gün 00:28
3.5k+

Hantawirusa garşy dermany ilkinji bolup Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlar alar

Hantawirus ýokanjyny bejermek üçin niýetlenen «Fawipirawir» atly synag tapgyryndaky  dermanyň ilkinji tapgyrlary Fransiýa, Ispaniýa we Niderlandlara iberiler. Bu barada Ýewropa Komissiýasy habar berdi....

düýn 19:41
5k+

WP: Keniýa ABŞ-nyň Ebola keselli raýatlaryny öz çäginde bejermekden ýüz dönderdi

Keniýanyň kazyýeti Ebola ýokanjy bilen kesellän ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurdunyň çäginde saklamakdan we olary ýörite gurnalan meýdan gospitalynda bejermekden resmi taýdan ýüz dönderdi. Bu barada Amerikanyň......

29.05.2026 23:28
2.4k+

Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan......

28.05.2026 19:35
7k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......