Dünýäniň iň uzyn asma köprüsi Italiýada gurlar

  • 20.04.2026 08:20
  • 5.3k+

Italiýanyň hökümeti Messin bogazyndan geçýän, esasy aralygy rekord derejeli 3,2 kilometr uzynlykdaky asma köprüniň gurluşyk taslamasyny resmi taýdan tassyklady.

​Umumy bahasy 16 milliard dollara barabar bolan gurluşyk işlerine şu ýyl badalga berler. Bu ägirt uly desga 2033-nji ýyla çenli Sisiliýa adasyny ýurduň materik bölegi bilen birleşdirer.

​Messin köprüsi Türkiýedäki meşhur «Çanakkale» köprüsinden hem geçip, Günbatar sebitiň iň iri infrastruktura desgasyna öwrüler.

Köprüniň beýikligi 399 metre ýetýän iki sany sütünine daýanýar. Bu bolsa deňziň içinde goşmaça diregleri gurmazdan iş ýöretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ol ýerde awtoulaglar üçin alty sany zolak we otly gatnawy üçin iki sany demir ýol şahasy bolar.

​Italiýanyň ulag ministri Matteo Salwini we Webuild kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýetro Salini bu desganyň trans-ýewropa ulag ulgamyny tamamlamaga kömek etjekdigini bellediler. Şol bir wagtda bu taslamanyň Italiýanyň günorta sebitleriniň ykdysady taýdan ösmegine uly itergi berjekdigine-de umyt edilýär.


21.06.2026 16:13
4.5k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

12.06.2026 01:36
5.8k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

10.06.2026 08:53
3.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......