Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

  • 20.04.2026 15:54
  • 6.7k+

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler dermanyň haýal bölünip çykýan görnüşiniň ýekeje sanjymynyň bary-ýogy birnäçe hepdede kekirdewük we süňk dokumalarynyň dikeliş prosesini başladýandygyny tassyklady.

Häzirki wagtda osteoartroz bejerip bolmaýan kesel hasaplanýar, şeýle näsaglar ömürboýy agyry kesiji dermanlary kabul etmäge ýa-da bogunlaryny çalşyrmak üçin operasiýa geçirmäge mejbur bolýarlar. Täze tapylan tehnologiýa bolsa, keseliň diňe alamatlaryny aýyrmaga däl-de, eýsem, şikeslenen gurluşlary hem düýpli dikeltmäge gönükdirilendir.

Stefani Braýantyň ýolbaşçylygyndaky topar kekirdewükdäki kemçilikleri doldurýan we organizmiň öz öýjüklerini şol ýere çekýän ýörite «implantlary» döretmegiň üstünde hem işleýär.

Barlagçylar keseliň ähli dört basgançagy üçin hem bejergi çözgütlerini hödürlemegi meýilleşdirýärler. Şunuň bilen birlikde, kekirdewügiň saglygyny saklamak üçin semaglutidiň mümkinçilikleri hem öwrenilýär.

Häzirki wagtda topar enjamyň howpsuzlyk we toksikologiýa görkezijilerini öwrenýär. Eger haýwanlarda edilýän synaglaryň häzirki tapgyry üstünlikli tamamlansa, 18 aýyň dowamynda adamlar bilen geçiriljek kliniki synaglara hem başlanar.


20.06.2026 12:08
7.3k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......