Holliwudyň müňden gowrak ýyldyzy Paramount bilen Warner Bros.-yň ylalaşygyna garşy çykdy

  • 15.04.2026 12:15
  • 2.7k+

Kino we telewideniýe senagatynyň müňden gowrak wekili 13-nji aprelde Warner Bros. Discovery-niň Paramount Skydance bilen birleşmegi baradaky teklibine garşy açyk hat bilen çykyş etdiler.

Hata, beýlekiler bilen birlikde, Jeýn Fonda, Dewid Finçer, Kristen Stýuart, Hoakin Feniks, Hawýer Bardem, Mark Ruffalo, Ýorgos Lantimos, Emma Tompson, Deni Wilnýow, Glenn Klouz, Jonatan Gleýzer we Braýan Krenston dagy hem gol çekdiler.

Hatyň awtorlary bu ylalaşygyň iş orunlarynyň azaldylmagyna, çykdajylaryň ýokarlanmagyna we tutuş dünýä boýunça tomaşaçylar üçin mazmun saýlawynyň kemelmegine getirip biljekdigine ynanýarlar.

"Esasanam alada döredýän zat, bu birleşme ABŞ-nyň iri kinostudiýalarynyň sanyny bary-ýogy dörde çenli azaldar" - diýlip, hatda aýdylýar.

Şeýle hem, öňki kompaniýalaryň birleşmeleriniň pudaga eýýäm täsir edendigi bellenilýär: maliýeleşdirilýän we paýlanylýan filmleriň we taslamalaryň sany az.

"Bu birleşmegiň goldaw tapmagy abraýly şahslaryň çäkli toparynyň bähbitleriniň jemgyýetçilik bähbidinden ileri tutulýandygyny görkezýär, bu bizi çuňňur alada goýýar. Netijede, pudagymyzyň bitewüligine, garaşsyzlygyna we köpdürlüligine çynlakaý howp abanyp biler" - diýlip, beýanatda aýdylýar.

Paramount we Warner Bros. kompaniýalary bu ýagdaý barada hiç hili düşündiriş bermediler.

Paramount Skydance ozal Warner Bros. Discovery üçin takmynan 110 milliard dollar teklip edipdi. Bu ylalaşyk studiýalary, mazmun kitaphanalaryny we Paramount+ we HBO Max striming hyzmatlaryny bir platformada birleşdirer.

Bu ylalaşygyň ABŞ-daky we Ýewropadaky düzgünleşdiriji edaralar tarapyndan gözden geçirilmegine garaşylýar. Kaliforniýanyň Baş prokuraturasy eýýäm derňew işine başlady.

Paramount we Netflix kompaniýalary Warner Bros.-yň aktiwleri üçin birnäçe aýlap göreşdiler. Ilkibaşda Netflix Warner Bros.-yň kinostudiýalaryny we HBO Max striming hyzmatyny tas 83 milliard dollara satyn almagy teklip etdi, ýöne soň bu teklibi ýatyrdy we ornuny has köp pul hödürlän Paramount-a berdi.


düýn 23:54
322

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....