Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nizar Amedini Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Amedä berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, şeýle hem Yrak halkynyň ösüşine we öňe gitmegine gönükdirilen ähli işlerinde we başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Kürdüstanyň watançylar birleşiginden dalaşgär bolan Nizar Amedi parlamentde geçirilen ses berişligiň ikinji tapgyrynda saýlandy. Oňa 229 deputatdan 227-si ses berdi. Parlamentde jemi 329 orun bar.
Saýlanandan soň, Nizar Amedi parlamentde kasam kabul etdi we öz wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi.