Ylym pişikleriň adamlara diňe zat üçin ýaranjaňlyk edýändigini subut etdi

  • 20.04.2026 15:43
  • 3.8k+

Wengriýanyň Etwoş Lorand uniwersitetiniň barlagçylary pişiklerin itlerden we kiçijek çagalardan tapawutlylykda, hiç wagt «kireýsiz kilim kakmaýandyklaryny» ylmy taýdan subut etdiler.

Animal Behaviour žurnalynda çap edilen maglumatlara görä, synag wagtynda adamlar ber-başagaý bolup, özlerine degişli haýsydyr bir zady gözlediler. Olara şol wagt töweregindäki pişikler asla pitiwa-da etmediler. Ýöne  haçan-da, adamlar pişikleriň gowy görýän iýmitlerini ýa-da oýunjaklaryny gözlänlerinde welin, olar işeňňirlik bilen gözlege gatnaşdylar.

Edil şolar ýaly synagda itleriň we çagalaryň 75%-den gowragy zadyny gözleýän adama kömek etmäge çalyşdy. Pişikleriň bolsa 60%-i, gözleşenleri üçin hezzet görmejekdiklerini aňyp, haýyşa diýýämiňem diýmedi.

Alymlar munuň sebäbini ewolýusiýa (ösüş taryhy) bilen düşündirýärler. Itler, belli bolşy ýaly,  arkama-arka aw awlamak we mal bakmak üçin adam bilen aragatnaşykda bolup geldiler. Pişikler bolsa, özlerini özleri eldekileşdirdiler we hiç wagt hem adama peýda getirmek şerti bilen ösdürilip ýetişdirilmedi.

Barlagçylar synagdaky emele gelen ýagdaýyň pişikleriň erbetdiklerini aňlatmaýandygyny tekrarlap, muny olaryň örän özbaşdakdygy bilen delillendirýärler.  

Şeýle-de gözlegler pişikleriň erkek adamlara has köp üns berýändiklerini-de ýüze çykardy. Alymlar bu aýratynlygy erkekleriň pişikler bilen adatça az wagt geçirýändigi we haýwanlaryň şol boşlugy doldurmaga çalyşýandygy bilen düşündirýärler.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.7k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......