Blue Origin Aýdan kislorod alýan enjam döretdi

  • 15.04.2026 00:22
  • 1.7k+

Blue Origin kompaniýasy elektrik togynyň kömegi bilen Aýyň tozundan (topragyndan) kislorod alyp bilýän reaktoryň döredilendigini habar berdi. Bu barada The Telegraph neşiri ýazýar.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Aý tozanynyň ýarysyna golaýy kisloroddan ybaratdyr. Ony kosmonawtlaryň dem almagy üçin, şeýle hem raketa ýangyjynyň düzüm bölegi hökmünde ulanmak meýilleşdirilýär. Kislorody Ýerden eltmek örän çylşyrymly we gymmat düşýändigi sebäpli, onuň göni şol ýerde öndürilmegi Aýda uzak wagtlap galmak üçin möhüm ädim hasaplanylýar.

Tehnologiýa elektroliz usulyna esaslanýar. Aýyň tozy takmynan 1600°C gyzgynlyga çenli gyzdyrylýar, soňra bolsa onuň içinden elektrik togy geçirilýär. Netijede, kislorod we metallar – demir, alýumin hem-de kremniý bölünip aýrylýar. Alnan kislorod ýaşaýyş we energetika ulgamlary üçin ýaramly. Bu işläp taýýarlama NASA-nyň 35 million dollar bölüp beren «Blue Alchemist» taslamasynyň bir bölegidir. Agentlik, şeýle hem «Apollon» missiýalary tarapyndan getirilen Aý tozanynyň nusgasyny-da berdi.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 19:54
2.3k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....