Moskwada dünýäniň iň uzyn tramwaý ugry ulanylyşa girizildi

  • 15.04.2026 20:08
  • 5.4k+

Moskwada ikinji tramwaý diametri (T2) ulanylyşa girizildi, ol şeýle görnüşdäki ugurlaryň arasynda iň uzyny boldy. Paýtagtyň häkiminiň saýtynda habar berlişi ýaly, onuň uzynlygy 33 kilometre barabar.

Täze ugruň döredilmegi bilen №3 we №37 tramwaýlaryň gatnawlary, şeýle hem Akademik Saharow şaýolundaky täze bölek birleşdirildi. Ol şäheriň 13 raýonyny biri-biri bilen baglanyşdyryp, iki milliondan gowrak ýaşaýjy üçin ulag hyzmatyny gowulandyrdy.

Ýolagçylar dört sany demir ýol menziline, 31 sany metro stansiýasyna, şeýle hem MMH we MMD liniýalaryna baryp biler. Ugruň dowamynda 79 sany duralga göz öňünde tutulan bolup, ýol wagty 140 minut töweregidir.

Tramwaýlar her alty minutdan, merkezi bölekde bolsa her üç minutdan gatnar.

Bu ugurda «Witýaz-Moskwa» we «Lwýonok-Moskwa» modellerinden bolan 51 sany döwrebap tramwaý hyzmat eder. Olar ýoluň bir bölegini simsiz, ýygnanan energiýany ulanmak arkaly geçer.

Täze ugur boýunça ýolagçy sanynyň ep-esli artmagyna garaşylýar.


20.06.2026 19:55
11k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:36
6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

11.06.2026 07:37
5.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

10.06.2026 10:55
7.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....