Imperator pingwinleri buzluklaryň eremegi sebäpli ýitip barýan görnüş hasaplanýar

  • 15.04.2026 14:50
  • 2.5k+

Halkara tebigaty goramak bileleşigi (IUCN) imperator pingwinlerini resmi taýdan ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriň sanawyna goşdy diýip, The Guardian habar berýär.

Bu karar olaryň jüýjeleriniň köpçülikleýin gyrylmagynyň we Antarktidanyň buz örtüginiň birden ýukalmagynyň fonunda kabul edildi. Bilermenler maýlamaklygyň häzirki depgini dowam etse we bu guşlaryň ýaşaýyş gurşawy ýitse, olaryň sanynyň 2080-nji ýyllarda iki esse azalyp biljekdigini çaklaýarlar. Häzirki wagtda uly guşlaryň sany takmynan 595 000 diýlip çaklanylýar, şonuň ýaly-da olar 2009-2018-nji ýyllar aralygynda eýýäm 10% azalypdy.

Imperator pingwinleriniň üstünlikli köpelmegi üçin aprel aýyndan dekabra çenli deňiz buzunyň durnukly bolmagy gerek. Şeýle-de bolsa, 2016-njy ýyldan bäri buzuň rekord derejede zaýalanmagy koloniýalaryň dargamagyna getirýär: jüýjeler doly bekäp ýetişmänkä, suwa girmeli bolýarlar we sowukdan ýaňa köpçülikleýin gyrylýarlar.

Alymlar şuňa meňzeş meseleleriň sebitdäki beýleki görnüşlere-de täsir edýändigini belleýärler — iýmit bazasynyň ýetmezçiligi sebäpli Antarktida düwlenleriň sany hem ýaryndan gowrak azaldy.

Daşky gurşawy goraýjylar Antarktika şertnamasynyň çäginde bu görnüşiň ýok bolmagynyň öňüni almak üçin halkara goragynyň has güýçlendirilmegini talap edýärler.

"Imperator pingwininiň ýitmek howpy astyndaky haýwanlaryň sanawyna girizilmegi howanyň üýtgemeginiň gözümiziň alnynda görnüşleriň ýok bolup gitmegini çaltlaşdyrýandygynyň aýdyň duýduryşydyr" - diýip, BirdLife International guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Martin Harper aýtdy.


10.05.2026 20:34
5.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

09.05.2026 20:03
6k+

Aşa yssy we futbol sebäpli Meksikada okuw ýyly 40 gün ir tamamlanar

Meksikada aşa yssy howa we 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň geçirilmegi sebäpli okuw ýyly adatdakysyndan 40 gün ir tamamlanar. Bu barada ýurduň Döwlet bilimi ministrligi habar berdi....

08.05.2026 15:01
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......

08.05.2026 01:02
5k+

Alymlar şäher guşlarynyň erkeklerden däl-de, aýallardan has gorkýandygyny anykladylar

Biologlaryň halkara topary şäher guşlarynyň adamlary jynsyna görä kabul edýändigini anykladylar. Şoňa görä, guşlar aýallara has atiýaçly çemeleşýärler we erkeklere garanyňda, olaryň özlerinden daşrakda......