Aýna gurbagasynyň täze görnüşine agyr atletika boýunça olimpiýa çempionynyň ady dakyldy

  • 11.04.2026 11:20
  • 3.2k+

Ekwadoryň günorta-gündogar tropiki tokaýlyklarynda alymlar aýna gurbagasynyň täze görnüşini ýüze çykardylar we oňa Nymphargus dajomesae diýip at berdiler. «PLOS ONE» ylmy žurnalynyň habar bermegine görä, bu jandara ýurduň taryhynda agyr atletika boýunça ilkinji olimpiýa çempiony bolan Neýsi Dahomesiň ady dakyldy.

Barlaglar bu amfibiýanyň mundan takmynan 4,5 million ýyl ozal aýrylyp çykan özbaşdak ewolýusion ugra degişlidigini tassyklady. Täze görnüş And daglarynyň gündogar eňňitlerindäki çetki El-Kimi goraghanasynda ýüze çykaryldy.

Nymphargus dajomesae öz maşgalasyna mahsus bolan aýratynlyga — bedeniň aşaky bölegindäki dury (aýna ýaly) derä eýedir. Onuň üsti bilen gurbaganyň içki agzalaryny görmek bolýar. Ýokarsyndan bolsa gurbaga goranyş üçin ýaşyl reňkde bolup, derisi az-kem däneli gurluşa eýedir.

Biolog Milena Masaçe we onuň kärdeşleri tarapyndan geçirilen genetiki seljermeler, millionlarça ýyl bäri dowam edip gelýändigine garamazdan, ylma näbelli bolan bu tapyndynyň özboluşlydygyny subut etdi.

Bu görnüşiň tapylan sebiti diňe şol ýere mahsus bolan ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baýdyr, emma ol obasenagat ýerleriniň we dag-magdan taslamalarynyň golaýlygy sebäpli howp astynda durýar. Suwuň hapalanmagy we ýaşaýyş gurşawynyň bozulmagy ekoulgamdaky üýtgeşmelere örän duýgur bolan amfibiýalar üçin uly howp döredýär.

Alymlaryň aýtmagyna görä, täze görnüşe meşhur türgeniň adynyň berilmegi diňe bir tapyndynyň medeni ähmiýetini nygtaman, eýsem zenanlaryň ylma we sporta goşýan goşandynyň ykrar edilmegini alamatlandyrýar hem-de Ekwadoryň «ýitirilen dünýäleriniň» biologik köpdürlüligini gorap saklamagyň zerurlygyna ünsi çekýär.


düýn 22:32
3.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.6k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....

11.06.2026 12:12
8.4k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......