Mask kazyýetiň üsti bilen Sem Altmany we Greg Brokmany wezipeden aýyrmak isleýär

  • 11.04.2026 08:32
  • 7.5k+

Ilon Mask OpenAI we Microsoft kompaniýalary bilen bolýan käzyýet çekişmeleriniň çäginde, OpenAI-yň baş direktory Sem Altmanyň we prezidenti Greg Brokmanyň wezipesinden çetleşdirmek isleýär. Bu barada milliarderiniň aklawçylary habar berdiler.

Taýýarlyk işleri eýýäm başlandy, eminler toparynyň düzümi bolsa 27-nji aprelde belli bolar.

Maskyň aýtmagyna görä, ýolbaşçylar startapyň maksatnamasyna wepaly bolmadylar. Milliarder OpenAI-yň täzeden täjirçilik däl gurama derejesine gaýtarylmagyny talap edýär.

Şeýle-de milliarder kompaniýanyň ilkinji ýyllarynda goýan 38 million dollarynyň aldaw ýoly bilen elinden alandygyny öňe sürýär. Ol ChatGPT arkaly pul gazanylmagyna we kompaniýanyň täjirçilik gurluşyna öwrülmegine garşy. 

Onuň aklawçylary bu ýagdaýy: «Eger şahsyýetler jemgyýetçilik guramasynyň maksadyny gorap bilmeseler, olaryň wezipesinden boşadylmagy iň giň ulanylýan kanuny usuldyr» diýip düşündirýärler. Ýöne arzaçy bular bilenem oňmaýar. Ol kadr çalşygyndan daşgary 134 milliard dollara çenli öwez tölegini we «adalatsyz gazanylan pullaryň» gaýtarylmagyny-da talap edýär.

OpenAI-yň wekilleri bu jedelli meselä Maskyň egoizmi we göripçiligi diýip baha berýärler. Olaryň pikiriçe, Mask şeýdip, bäsdeşini yza çekmek isleýär. Şundan ugur alyp, OpenAI hem kem oturmady we iki ştatyň baş prokuroryndan Maskyň özüne garşy alyp barýan işlerini derňemegi haýyş etdi.

Ilon Mask 2015-nji ýylda OpenAI-yň esaslandyryjylarynyň biri bolupdy, emma 2018-nji ýylda düşünişmezlikler sebäpli taslamadan çekildi. Soňra ol özüniň xAI startapyny esaslandyrdy we ony eýýäm X (Twitter) hem-de SpaceX bilen birleşdirip, ägirt uly tehnologiýa imperiýasyny emele getirdi.


10.06.2026 11:22
1.7k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

09.06.2026 23:04
2.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

27.05.2026 14:38
1.8k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......