Gizlin howp: ýiti reňkli eşikler çagalaryň saglygy üçin zyýanly bolup çykdy

  • 14.04.2026 16:06
  • 2.9k+

SciTechDaily neşirinde ýörgünli çaga eşikleriniň käbir nusgalarynda gurşunyň mukdarynyň rugsat berilen kadalardan ep-esli ýokary bolup çykandygy hakynda habar berildi.

Habara görä, Amerikan himiýa jemgyýetiniň ýygnagynda hödürlenen barlag bu zäherli metalyň köplenç açyk we ýiti reňkli matalarda duş gelýändigini görkezdi. Barlagyň dowamynda Marian University uniwersitetiniň hünärmenleri dürli öwüşgindäki 11 sany eşigi barlap gördüler we olaryň ählisinde gurşunyň mukdarynyň bellenen kadadan (1 milliondan 100 paý) has ýokarydygyny anykladylar.

Gurşun dokma senagatyna gurşun asetaty hökmünde girýär we boýaglary mata berkitmek üçin ulanylýan iň arzan serişde bolup durýar. Onuň çagalara ýetirýän howpuny taslamanyň ýolbaşçysy Kamila Diwers şeýle düşündirýär:

– Alty ýaşdan kiçi çagalar köplenç eşiklerini agzyna salagan bolýar. Şol sebäpli gurşunyň agyz boşlugyna düşmek we zäherlemek howpy örän ýokary. Ylmy synaglar şeýle eşigiň tüýkülik bilen gysga wagtlyk galtaşaýanda-da adam bedenine bir günde düşmeli gurşunyň mukdaryndan has köp zäheriň aralaşýandygyny görkezdi.

Bu ylmy iş Diwersiň şahsy tejribesinden soň başlandy. Onuň gyzynyň ganynda öň gurşunyň ýokary mukdary ýüze çykaryldy. Munuň sebäbi bolsa, oýunjaklaryň daşky örtügi bolup çykdy.

«Men tiz ýoň bolýan, ýiti reňkli eşiklerdäki gurşun barada maglumat baryny topladym we köp ata-enäniň şeýle ýagdaýdan asla bihabardygyna düşündim» diýip, barlagçy belleýär.

Bu metal bilen dowamly galtaşykda bolmak beýniniň zeperlenmegine we çaganyň özüni alyp barşynyň bozulmagyna-da esas bolup bilýär. Alymlar indi gurşunyň kir ýuwujy masynlarda ýygnanyşyny we beýleki eşiklere geçip-geçmeýändigini öwrenmegiň ugruna çykdylar.

Hünärmenler egin-eşik senagatyny howpsuz ösümliklere esaslanýan berkitmeleri ulanmaga çagyrýarlar. Emma gözegçilik ediji edaralaryň talaby bolmasa, öndürijilere bu arzan, ýöne howply tehnologiýalardan ýüz öwürdäýmek gaty kyndyr.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....