Türkmen sungat ussatlary Grets-Armanwilýe şäherinde çykyş etdi

  • 09.04.2026 19:44
  • 1.3k+

Fransiýanyň Grets-Armanwilýe şäherinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Bu çäre Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guraldy.

Dabarada ilçi Maksat Çaryýew çykyş edip, medeniýetiň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýetini belledi hem-de goldawlary üçin şäheriň ýolbaşçylaryna we «Fransiýa–Türkmenistan» assosiasiýasyna minnetdarlyk bildirdi.

Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň däp bolan sungatyny görkezýän bagşylaryň we sazandalaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle hem myhmanlar amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen halylary we Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bilen tanyşdyrýan sergä aýlandy. Sergide ahalteke bedewleri bilen bagly mowzuga aýratyn üns berildi. Olary seýislemek sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilipdi.

Dabaraly çäre milli tagamlaryň hödür edilmegi bilen tamamlandy.


şu gün 10:55
4.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 23:10
2.2k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

08.06.2026 17:48
6.9k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.5k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......