Ýapon fizikleri hiç haçan solmaýan suratlary çap etmegi öwrendiler

  • 09.04.2026 09:31
  • 4.1k+

Ýaponiýaly alymlaryň topary kremniý nanosferaly ýörite boýaglary ulanyp, gurluşly reňkler bilen çap etmek usulyny işläp düzdi. Bu tehnologiýa Advanced Materials žurnalynda beýan edildi.

Wagtyň geçmegi bilen reňki solýan däp bolan pigmentlerden tapawutlylykda, gurluş reňki mikroskopiki obýektler arkaly ýagtylygyň döwülmegine esaslanýar, bu bolsa şeýle suratlaryň uzak wagtlap saklanmagyna we saglyga zyýansyz bolmagyna mümkinçilik berýär.

Bu tehnologiýa kremniý dioksidinden edilen gorag gabygy bilen örtülen, ölçegi 100-den 200 nanometre çenli bolan sferalary ulanyp, plastigiň we metalyň ýüzüne  ýokary çözgütli çap etmäge mümkinçilik berýär. Bu syýalaryň esasy aýratynlygy olaryň ýagtylyk bilen özara täsirleşmesidir (Mi ýaýramasy): PET plýonkasyndaky suratlar ýagtylygyň burçuna baglylykda dürli görnüşde görünýär.

Fizikler bu işläp düzmäni energiýa sarp etmezden maglumat panellerini döretmekde, şeýle hem resminamalary we harytlary galplaşdyrmakdan goramagyň döwrebap tehnologiýalarynda ulanyp bolar diýip çaklaýarlar.


düýn 16:45
3.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
3.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
983

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......