FIFA-nyň prezidenti Infantinonyň 2025-nji ýylda näçe gazanandygy belli boldy

  • 08.04.2026 11:55
  • 7.8k+

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň 2025-nji ýyldaky gazanjy salgytlar tölenmezden ozal 4,8 million şweýsar frankyna (takmynan 5,2 million ýewro) deň boldy diýip, «RIA Nowosti» agentligi guramanyň resminamalaryna salgylanyp habar berýär.

Bu möçber 2,6 million frank möçberinde esasy zähmet hakyny we 2,2 million frank möçberinde bonuslary öz içine alýar. Bu görkezijiler geçen ýyldaky degişli sanlardan ýokarydyr.

Şeýle hem hasabatda baş sekretar Mattias Grafstrýomyň girdejileri görkezilýär. Olar 2,4 million franka deň boldy.

Düzgünnama laýyklykda, federasiýanyň wise-prezidentleriniň her biri 300 müň dollar, geňeşiň agzalary bolsa 250 müň dollar möçberinde öwez töleglerini aldy.

2016-njy ýyldan bäri federasiýa ýolbaşçylyk edýän 56 ýaşly Infantino bu maglumatlary 30-njy aprelde Wankuwerde geçiriljek FIFA-nyň kongresinde hödürlemäge taýýarlanýar.


08.06.2026 16:29
3.9k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

05.06.2026 07:28
8.3k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

28.05.2026 19:36
12k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

27.05.2026 21:24
7.9k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......