Beýnisine çip oturdylan ysmaz näsaglar minutda 110 belgini ýazyp bildiler

  • 01.04.2026 16:38
  • 3.9k+

Brigam adyndaky Massaçusets umumy hassahanasynyň we Braun uniwersitetiniň alymlary ysmaz adamlara barmaklarynyň hereketini hyýallarynda janlandyrmak arkaly tekst ýazmaga mümkinçilik berýän «beýni — kompýuter» interfeýsini döretdiler. Alymlar täze üstünlik barada Nature Neuroscience žurnalynda hem ýazdylar.

Bu tehnologiýa beýni gabygynyň hereketlendiriji bölegine oturdylan kiçijik datçikleri ulanýar. Adam hyýaly klawiaturanyň düwmelerine «basanda», ulgam şol signallary okaýar we emeli aň algoritmleriniň kömegi bilen harplara öwürýär.

Synaglara gapdal amiotrofiki sklerozly (myşsa iýmitlenmeginiň bozulmagy netijesinde hereketi togtadýan agyr kesel), şeýle-de oňurga ýiligi şikesli iki sany näsag gatnaşdy. Ulgam sazlanandan soň, olaryň birine minutda 110 belgi ýazmak başartdy. Bu görkezijiniň adaty adamyň klawiaturada ýazyş tizligine örän ýakyndygy begençli ýagdaýdyr. Onuň hatda ýalňyşlyk derejesi-de örän pes, bary-ýogy 1,6%-e deň boldy.

– Häzirki bar bolan alternatiw aragatnaşyk ulgamlary haýaldygy we ýalňyşlyklary sebäpli näsaglary köplenç lapykeç edýär. Biziň neýroprotezlerimiziň maksady doly güýçli we kämil saýlawa öwrülip bilmekdir – diýip, newrolog Daniel Rubin düşündirýär.

Gowy ýeri, näsaglar täze enjamy öý şertlerinde hem ulanyp bilýärler. Alymlar onuň geljekde diňe bir aragatnaşyk gurmakda däl, eýsem elleriň hereketini dikeltmekde hem kömek etjekdigine ynamlary uly. 


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......