NASA-nyň arhiw maglumatlarynda 100-den gowrak täze ekzoplanetalar tapyldy

  • 01.04.2026 11:49
  • 3.1k+

Astronomlar Transiting Exoplanet Survey Satellite (TESS) tarapyndan ozal ýygnalan maglumatlarda 100-den gowrak täze ekzoplanetany tapdylar. Bu Uorik uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen RAVEN emeli aň ulgamy arkaly mümkin boldy.

Maglumatlara görä, bu usul şeýle hem takmynan 2000 sany Gün ulgamyndan daşarky planetalary anyklapdyr, olaryň takmynan ýarysy öň belli däldi. NASA-nyň häzirki wagtda katalogynda takmynan 6000 sany tassyklanan ekzoplaneta bar we täze dalaşgärleri synagdan geçirmek bu sanawy ep-esli giňeldip biler.

TESS ekzoplanetalary ýyldyzyň ýagtylygy perselen wagty, ekzoplaneta onuň diskiniň öňünden geçende anyklaýar. RAVEN missiýasynyň ilkinji dört ýylynda 2,2 milliondan gowrak ýyldyza edilen gözegçilikleri seljerdi we orbita boýunça aýlanyş döwri gysga, ýagny 16 Ýer gününe çenli bolan planetalara ünsi jemledi.

Barlagçylar Güne meňzeş ýyldyzlaryň takmynan 10% -inde şeýle ýakyn planetalaryň bardygyny çaklaýarlar. Gysga orbitalarda hereket edýän Neptunyň ululygyndaky planetalar şeýle ýyldyzlaryň takmynan 0,08% -inde duş gelýär.

"Esasy kynçylyk, garaňkyrama hakykatdanam aýlanýan planeta ýa-da başga bir zat sebäp bolýarmy, mysal üçin, tutulýan goşa ýyldyzdan gelip çykýarmy - düşünmekdir - RAVEN hut şu soraga jogap bermäge synanyşýar" - diýip, ulgamy işläp düzüji Andreas Hajigeorgiu düşündirdi .

Toparyň ylmy barlagy Monthly Notices of the Royal Astronomical Society žurnalynda üç makalada çap edildi we ylmy neşirleriň arXiv repozitoriýasynda hem elýeterlidir.


düýn 12:47
5k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.6k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......