Warner Music we Netflix aýdym-saz ýyldyzlary barada dokumental film düşürerler

  • 31.03.2026 16:55
  • 805

Warner Music Group bilen Netflix köpýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Bu şertnamanyň çäginde, Netflix meşhur saz leýbli bilen baglanyşygy bolan aýdymçylar we kompozitorlar barada dokumental filmleri hem-de seriallary köpçülige hödürlär. Bu hakda Variety neşiri habar berýär.

Bu taslama Unigram prodýuserlik kompaniýasy hem goşuldy. Ol Warner Music bilen bilelikde täze kontentleri döretmäge gatnaşar.

Wakalaryň ynandyryjylygyny saklamak üçin filmler gahrymanlaryň özleri ýa-da olaryň hossarlary bilen maslahatlaşylyp taýýarlanylar.

Häzirlikçe ilkinji taslamalarda haýsy sazandalar barada gürrüň beriljekdigi resmi taýdan aýan edilmedi. Ýöne Warner Music-iň nusgawylardan Prins, Fleetwood Mac, Led Zeppelin we Joni Mitçell, şeble-de häzirki zamanlardan Ed Şiran we Bruno Mars ýaly ýyldyzlary öz içine alýan ätiýaçlyk gaznasy bar.

Bu hyzmatdaşlyk dünýä belli sazandalarynyň durmuşy we döredijilik ýoly bilen has içgin tanyşmagymyza mümkinçilik berer.


düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......