Android ulgamy AirDrop ýaly galtaşma arkaly faýl ibermek funksiýasyna eýe bolar

  • 31.03.2026 14:39
  • 1.4k+

Geljekde Android gurluşlary biri-birine ýönekeý degirmek arkaly faýllary geçirmek funksiýasyna eýe bolup biler. Hünärmenler beýle funksiýany Samsung One UI 9, Google Play Services we Android 17 ulgamlarynyň programma kodunda tapdy diýip, «Android Authority» neşiri habar berýär.

Gürrüň Quick Share ulgamynyň bir bölegi bolup biljek täze Tap to share funksiýasy barada barýar. Ol iki enjamy biri-birine ýakynlaşdyrmak arkaly faýllary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bu tehnologiýanyň ilkinji alamatlary entek 2025-nji ýylda Samsung One UI örtüginiň synag görnüşlerinde peýda bolupdy.

Funksiýanyň beýanynda: «Telefonuňyzyň ýokarky bölegini beýleki enjama ýakynlaşdyryň we faýllar iberiler» diýlip bellenilýär.

Şeýle hem, mundan ozal Google Play Services ulgamynda Apple-iň NameDrop funksiýasyna meňzeş, enjamlary biri-birine golaýlaşdyrmak arkaly kontaktlary alyşmak funksiýasy tapylypdy. Başda ol diňe kontaktlar bilen çäklenýärdi, ýöne täze wersiýalarda beýleki maglumatlary hem ibermek mümkinçiligi agzalýar.

Mundan başga-da, Android 17-niň synag görnüşlerinde operasion ulgam derejesinde işleýän TapToShare ulgam hyzmaty tapyldy. Bu bolsa agzalan funksiýanyň dürli öndürijileriň gurluşlarynda elýeterli boljakdygyny aňladyp biler.


17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 07:51
2.1k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....