Apple kompaniýasy Apple Music täzelenmeleri we täze emojiler bilen iOS 26.4-i çykardy

  • 29.03.2026 09:54
  • 1.7k+

Apple kompaniýasy iPhone üçin iOS 26.4 täzelenmesini hödürledi. Esasy üýtgeşmeler Apple Music hyzmatyna, şeýle hem birnäçe ulgam funksiýalaryna degişli boldy.

Apple Music-de tekst beýany esasynda pleýlistleri döretmäge mümkinçilik berýän Playlist Playground beta-wersiýasy peýda boldy. Ýakynda geçiriljek konsertleri tapmak üçin Concerts bölümi, şeýle hem internet bolmazdan sazy tanamak we tora çatylandan soň netijäni bermek funksiýasy goşuldy.

Ulgamda ýedi sany täze emoji peýda boldy. Olaryň arasynda serhoş ýüz, ýeti (gar adam), kosatka, trombon, dagdan daşlaryň gaýtmagy we balet tansçysy bar.

Freeform goşundysy suratlar bilen işlemek üçin gurallary we Apple Creator Studio ýygyndysy bilen birleşmäni aldy. «Maşgala elýeterliliginde» (Family Sharing) uly ýaşly ulanyjylar indi söwdalary öz töleg usullary bilen töläp biler. «Ýatlatmalar» bölümine bolsa ýumuşlary gyssagly diýip bellemek we olary tertipleşdirmek mümkinçiligi goşuldy.

Şeýle-de, kompaniýa iPadOS 26.4, macOS 26.4 we watchOS 26.4 täzelenmelerini çykardy. Ýakyn wagtda emeli aňyň esasyndaky funksiýalary bolan iOS 26.5-iň beta-görnüşine garaşylýar.


09.06.2026 23:04
3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.8k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....