«Gaty geň zatlaryň» esasynda döredilen multserialyň täze treýleri çykdy

  • 28.03.2026 16:47
  • 3.5k+

Internetde «Gaty geň zatlar: 85-nji ýylyň hekaýatlary» (Очень странные дела: Истории из 85-го) atly animasiýa taslamasynyň täze treýleri peýda boldy. Serialyň ilkinji görkezilişi 23-nji aprelde Netflix platformasynda meýilleşdirilýär.

Multserialyň wakalary asyl serialyň ikinji we üçünji möwsümleriniň aralygynda bolup geçýär. Onda tomaşaçylara tanyş bolan gahrymanlar, şol sanda Odi hem peýda bolar.

Serialyň ýerine ýetiriji prodýuserleri hökmünde asyl taslamanyň awtorlary bolan Mett we Ross Dafferler çykyş etdiler.

Ýatlap geçsek, «Gaty geň zatlaryň» bäşinji we jemleýji möwsümi 31-nji dekabrda tamamlanypdy. Şol bir wagtyň özünde, Finn Wulfhardyň janlandyrýan gahrymany Maýk Wiler baradaky aýratyn taslamanyň üstünde işler dowam edýär.


düýn 23:58
797

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....