Toyota ýolsuz ýerler we şäher üçin Land Cruiser 250-niň täze görnüşlerini hödürledi

  • 29.03.2026 11:16
  • 9.4k+

Toyota kompaniýasy Land Cruiser 250-niň iki sany täze ýokary wersiýasyny — VX we VX-L modellerini hödürledi. Olar ýolsuz ýerler we gündelik rahat sürüş üçin sazlandy.

VX görnüşi: esasy üns ýolsuzlyk şertlerine

VX toplumy asfaltsyz ýollarda sürmek üçin niýetlenendir. Ol klassyky modelleriň stilindäki tegelek faralary we täze «Smoky Blue» reňki bilen tapawutlanýar. Bu modelde esasy üns tehniki üpjünçilige gönükdirilýär.

Awtomobil yzky differensialyň elektron blokirlenmesine, öňdäki stabilizatory öçürmek ulgamyna, kert ýapgytlardan aşak düşülende kömek ediji ulgama we «Crawl Control» režimine eýe boldy. Şeýle hem, tigirleriň aşagyndaky ýerüsti gatlagy görkezmek funksiýasy bolan töwerekleýin syn ediş kameralary göz öňünde tutuldy. Salonda sanly enjam paneli we diagonaly 12,3 dýuým bolan Toyota Smart Connect+ multimedia ulgamy ýerleşdirildi.

VX-L görnüşi: rahatlyk we tehnologiýalar

VX-L modeli gündelik ulanylyşa gönükdirilendir. Ol deri salon, gyzdyryjy we ýelejiretme funksiýalary bolan oturgyçlar, şeýle hem 14 dinamikli JBL audioulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Tehnologiýalaryň arasynda proýeksion displeý we ulagyň yzyny görkezýän sanly aýna bar. Differensialyň berk blokirlenmesiniň deregine «Torsen» ulgamy ulanylýar, bu bolsa awtomobiliň ýolda özüni alyp barşyny gowulandyrýar.

Beýleki görnüşler we hereketlendirijiler

Toplumda esasy TX we TX-L görnüşleri hem saklanyp galýar. TX modeli ýönekeý üpjünçiligi bilen «işçi ulagynyň» wezipesini ýerine ýetirýär. TX-L bolsa elektrikli dolandyryş, klimat-kontrol we has kämil bezeg materiallary bilen goşmaça rahatlyk döredýär. Bu bolsa modeliň hemmetaraplaýyn bolmagyna mümkinçilik berýär.

Günbatar Ýewropada model Hybrid 48V gibrid ulgamy bilen üpjün edilýär. Gündogar Ýewropada bolsa 2.8 dizel hereketlendirijisi we 2.4 benzin turbomotory elýeterlidir. Iki enjam hem Toyota-nyň beýleki modelleri bilen gowy tanalýar we olar çydamlylygy hem-de çylşyrymly şertlerde ulanmaga ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.


24.06.2026 14:05
4.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......