2027-nji ýylda Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

  • 27.03.2026 10:32
  • 857

77-nji Berlin halkara kinofestiwalynyň geçiriljek senesi belli boldy. Festiwal 2027-nji ýylyň 10-21-nji fewraly aralygynda geçer diýip, «Berlinaleniň» saýtynda habar berilýär.

Açylyş dabarasynyň çarşenbe güni — geçen ýyllardakydan bir gün ir boljakdygy bellenilýär. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolsa 19-njy fewralda bolar.

Festiwalyň direktory Trişa Tattlyň aýtmagyna görä, goşmaça iki gün (20 we 21-nji fewral) Berlinale programmasyndaky filmlere tomaşa etmek isleýänleriň ählisi üçin doly derejeli «tomaşaçylar gününi» (Berlinale Publikumstage) geçirmäge mümkinçilik berer.

Kinofestiwalyň çäklerinde geçirilýän Ýewropa kinobazary (EFM) hem goşmaça bir gün alar — 2027-nji ýylda ol 9-16-njy fewral aralygynda bolar.

Festiwalyň emin agzalarynyň başlygy we gatnaşýan filmler çäräniň başlanmagyna golaý belli bolar. Soňky Berlinale «Sary harplar» türk dramasynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Aktýorlyk baýraklaryna Sandra Hýuller («Roza»), şeýle hem Tom Kortni we Anna Kalder-Marşall («Deňizdäki şa aýaly») mynasyp boldy.


şu gün 14:57
281

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

şu gün 08:26
3.4k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
959

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......