Bitkoini ýok etmek üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň azyndan 72%-ni üzüp çykmaly bolar

  • şu gün 15:47
  • 2.2k+

Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler.

Barlag işi toruň 11 ýyllyk iş maglumatlaryny we kabelleriň zeperlenmegi bilen bagly tassyklanan 68 ýagdaýyň seljermesini öz içine aldy. Alymlaryň berýän maglumatyna görä, tötänleýin ýüze çykýan näsazlyklar toruň işine täsir etmeýär diýen ýaly.

Şol bir wagtyň özünde, bilkastlaýyn hüjümleriň has howply bolup biljekdigi nygtalýar. Hususan-da, düzümiň esasy nokatlaryna ýa-da iri hosting-prowaýderlerine ediljek täsirler has uly bökdençliklere sebäp bolup biler.

Alymlar Hetzner, OVH, Comcast, Amazon we Google Cloud ýaly bäş sany iň iri prowaýdere ediljek hüjümiň, has kiçi möçberli gatyşmalarda hem bitkoin torunyň işini togtadyp biljekdigini belleýärler.

Şeýle hem barlagda TOR uzelleriniň ulanylyşynyň artmagynyň bitkoiniň fiziki durnuklylygyny garaşylmadyk ýagdaýda ýokarlandyrandygy aýdylýar. Sebäbi retranslyasiýa düzümi biri-biri bilen berk baglanyşykly bolan we izolirlemesi kyn bolan Ýewropa ýurtlarynda jemlenendir. 2025-nji ýylyň maglumatyna görä, bitkoin uzelleriniň 64%-i TOR ulanýar, bu bolsa olaryň fiziki ýerleşýän ýerini anyklamagy mümkin däl edýär.

Bitkoin jemgyýetçiligi merkezleşdirilen utgaşdyrmasyz, özbaşdak ýagdaýda senzuranyň öňünde durnukly infrastruktura geçdi. Bu geçiş toruň dürli bozulmalara garşy fiziki durnuklylygyny hem has-da berkitdi.


08.02.2026 05:00
5.1k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...

13.11.2025 11:16
5.1k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...

23.05.2025 13:00
14k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...

26.02.2025 09:35
9k+

Hakerler bitkoini döredijileriň atlaryny anyklandygyny aýdýar: Koen we Sassemen

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty...