2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi. Bu waka kriptowalýuta bilen amala aşyrylan ilkinji resmi söwda hasaplanýar.
Şu gün bolsa, şol 10 müň BTC-niň bahasy 1,1 mlrd dollardan geçýär. Bir bitkoiniň bahasy häzir, takmynan, 111 müň 800 dollar. Bu pula 70 milliondan gowrak pizza satyn alyp bolýar.
Hanes eden söwdasyna hiç hili ökünmeýär. Ol 2019-njy ýyldaky interwýusynda, bitkoini özi üçin «hakykatdanam» bar eden zadyň hut şol söwdadygyny aýtdy.
«Dogrusyny aýtsam, şol wagt diňe internet puluny hakyky bir zada çalyşmak gyzykly bolar öýtdüm. A iýmitden gowy näme zat bar? Bu esasy zerurlyk. Onsoňam, elbetde, pizzany her bir gik halaýar» diýip, ol «60 Minutes» gepleşigine beren gürrüňinde aýtdy.
2010-njy ýylda bir bitkoiniň bahasy bir sentdenem azdy. Şol wagt kriptowalýutanyň geljekde köp trillion dollarlyk ykdysady güýje öwrüljekdigini köp adam göz öňüne getirenokdy.
Şol töleg ähli kriptowalýuta jemgyýeti üçin örän möhüm nyşana öwrüldi. Ol sanly pullaryň diňe bir internetde däl, eýsem hakyky durmuşda-da peýdalanyp boljakdygyny görkezdi.
Häzirki wagtda bitkoin diňe bir iýmit üçin däl, eýsem gozgalmaýan emläk, awtoulag satyn almak, hatda käbir ýurtlarda salgyt tölemek üçin hem ulanylýar.
Şol sebäpdenem, indi her ýylyň 22-nji maýy «Bitkoin-pizza güni» hökmünde bellenilip geçilýär we kriptowalýutalaryň taryhynda möhüm sene hasaplanýar.