Хакеры заявили о раскрытии имен создателей биткоина: Коэн и Сассемен

  • 26.02.2025 09:35
  • 8.8k+

Näbelli hakerler topary bitkoini döredijileriň atlaryny bilmegiň başardandygyny nygtaýar. Hakerleriň pikiriçe, Satoşi Nakamoto adynyň aňyrsynda programmistler Brem Koen bilen Len Sassemen gizlenýär diýip, “Argumenty i Fakty” neşiri habar berýär.

Maglumatlar Channel 4 telekanal ulgamynyň döwülmegi bilen alyndy. Hakerler 2008-nji ýylda esasy kriptowalýuta protokolyny döreden we tiz wagtdan köpçüligiň göz öňünden ýiten ulanyjy –  Satoşi baradaky film üçin ýygnalan materiallary öwrendi.
Hakerleriň maglumatlaryna görä, ideýanyň başynda duranlar Brem Koen we Len Sassemendir. Koen BitTorrenti-i dörediji hökmünde belli, Sassemen bolsa Internetde gizlinligi üpjün etmek boýunça taslamalaryň, şol sanda Tor brauzerini döretmegiň üstünde işläpdir.
Materialyň awtorlary programmistleriň biri-biri bilen hat ýazyşmasynyň (çak edilýän) ekran suratyny hödürledi. Onda Koen bilen Sassemen kriptowalýuta döredijisini nähili görkezmelidigi barada maslahatlaşyp, oňa ýapon dilinde “akylly” diýmegi aňladýan “Satoşi” adyny bermek pikirine gelýär. Soňra oňa “Nakamoto” familiýasyny goşýarlar.

“Bilýärmiň, gel, ony BitTorCohen ýaly Bittorcoin diýip atlandyraly. Meniň adym we iki taslamamyz şeýleräk eşidilýär. Ýa-da gysgaça – Bitkoin” – diýlip, taslamanyň adyny maslahatlaşýan hatda aýdylýar.

Len Sassemen 2011-nji ýylyň tomsunda 31 ýaşynda aradan çykdy.
49 ýaşly Koen bolsa häzirki wagtda öz döreden Chia kriptowalýutasyny ösdürmegiň üstünde işleýär. Onda Bitcoin-de ulanylýan “Proof of Work” konsensus mehanizminiň deregine “Proof of Space and Times” modeli ulanylýar.


23.05.2025 13:00
13k+

15 лет назад за 10 000 биткоинов купили 2 пиццы – сегодня можно купить 70 млн пицц

22 мая 2010 года американский программист Ласло Ханец впервые в истории использовал биткоины для оплаты товара. Он заплатил 10 000 BTC за две пиццы Papa John’s, стоимость которых тогда составляла около $40. Это считается первой зафиксированной коммерческой транзакцией с криптовалютой...

09.01.2025 14:15
3.8k+

Соучредитель Ethereum пожертвовал мемкоины на $1 млн на благотворительность

Соучредитель Ethereum Виталик Бутерин продолжает избавляться от большого количества токенов-мемов в благотворительных целях. Криптомиллиардер продал крупную партию мемкоинов на сумму около $984 000 и передал полученные...

22.12.2024 13:23
4.7k+

Биткоин входит в моду: Люксовые бренды начали принимать оплату криптовалютой

После недавнего подъёма курса биткоина некоторые люксовые бренды начали внедрять оплату криптовалютой, сообщает Reuters. Так, французская сеть универмагов Printemps объявила о партнёрстве с криптобиржей Binance...

05.12.2024 12:28
5.1k+

Курс биткоина превысил $100 тысяч

В ночь на 5 декабря курс криптовалюты биткоин на бирже Binance впервые превысил 100 тысяч долларов. По данным торговой площадки, стоимость главной криптовалюты преодолела отметку 100 тысяч долларов в 7:39 утра...