Aýdym islegi bilen akyl derejesiniň arasyndaky baglanyşyk anyklandy

  • 25.03.2026 15:22
  • 3.7k+

Mýunhendäki Lýudwig-Maksimilian uniwersitetiniň alymlary adamyň saz saýlawy bilen onuň aň ösüşiniň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardylar. Gözlegiň netijeleri Journal of Intelligence žurnalynda çap edildi.

Ylmy barlaga 185 meýletinçi gatnaşdy. Hünärmenler 5 aýlap gatnaşyjylaryň diňleýän aýdym-sazlaryny öwrendiler. Munuň üçin olaryň telefonlaryna diňlenilýän aýdymlary we olaryň sözlerini hasaba alýan ýörite programma gurnaldy.

Netijede jemi 58 müňden gowrak aýdym seljerildi we  gatnaşyjylar şolaryň esasynda pikirleniş we matematik ukyplary barlaýan ýörite testden geçdiler.

Barlagyň netijelerine görä, aň görkezijileri has ýokary bolan adamlar köplenç gussalyrak aýdymlary saýlapdyrlar. Şol bir wagtda, rep we hip-hop diňleýänleriň test netijeleri beýlekiler bilen deňeşdirilende ortaçadan-da pes boldy.

«Bolup geçýän pursatlary has çuň  beýan edýän, durmuşy temalardaky aýdym saýlaýanlaryň  aň  ukyplarynyň has ýokarydygy anyklandy. Tersine, köpçülikde ulanylýan ýönekeý sözler bilen ýazylan aýdymlary diňleýänleriň görkezijileri pes boldy»  diýlip, makalada bellenilýär.

Barlagyň awtorlary bu görkezijä gönümel düşünmeli däldigini nygtaýarlar. Ýagny, diňlenilýän eser adamyň intellektine täsir etmeýär-de, gaýta adam diňlejek aýdymyny intellektiniň emrine görä saýlaýar.


19.06.2026 19:18
3.3k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......