«Awatar 3: Ot we kül» mart aýynyň soňky güni onlaýn çykar: prokatda film $1,48 mlrd gazandy

  • 25.03.2026 13:09
  • 2.4k+

Disney kompaniýasy «Awatar 3: Ot we kül» (Аватар 3: Пламя и пепел) filminiň sanly platformalarda çykjak senesini yglan etdi. 31-nji martdan başlap, bu filme Amazon Prime Video, iTunes we beýleki platformalarda tomaşa edip bolar.

Şeýlelikde, filmiň üçünji bölümi kinoteatrlarda görkezilip başlanandan üç aý geçenden soňra onlaýn elýeterli bolar. Bu wagtyň içinde film 1,48 milliard dollar girdeji gazanyp, taryhda iň girdejili 17-nji film boldy. Deňeşdirmek üçin, franşizanyň birinji bölümi 2,9 milliard dollar, ikinjisi bolsa, takmynan, 2,3 milliard dollar gazanypdy.

Blokbasteriň sýužeti wulkanlaryň golaýynda ýaşaýan Na’wi urugy barada gürrüň berýär. Esasy kyssaçy indi Jeýk Salliniň ogly Loak bolup durýar. Baş rollary Sem Wortington, Zoi Saldana, Keýt Winslet we Sigurni Wiwer ýerine ýetirdi.

Film gahrymanlaryň maşgala taryhy bilen başdan geçirmeleri utgaşdyryp, Pandora dünýäsini öwrenmegini dowam etdirýär.


düýn 23:54
624

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....