Kwentin Tarantino bilen Silwestr Stallone köne Golliwud äheňli serial surata düşürerler

  • 25.03.2026 10:49
  • 3.7k+

«Kwentin Tarantino bilen Silwestr Stallone alty bölümden ybarat täze serialyň üstünde işleýärler» diýip, TMZ neşiri habar berýär.

Serialdaky wakalar 1930-njy ýyllardan habar berýär. Şol döwrüň ruhuny we ýakymyny doly bermek üçin, filmi ak-gara görnüşde we XX asyryň başlarynda ulanylan hakyky kameralarda surata düşürmek isleýärler. Sýužetiň merkezinde şol döwri häsiýetlendirýän gangsterler, tansçy gyzlar, boks we saz durýar.

Silwestr Stallone taslamanyň režissýory hökmünde çykyş eder we ekranda görünmez. Häzirlikçe seriala haýsy aktyorlaryň gatnaşjagy-da belli däl.

Kwentin Tarantino hem ýöne oturanok. Onuň diňe ekran däl, eýsem teatr dünýäsi üçin hem täze eser taýýarlaýandygy öň aýdylypdy. Şol pýesany Londonyň meşhur West-End teatrlarynda görkezmek meýilleşdirilýär we premýerasynyň 2027-nji ýylyň başlarynda bolmagyna garaşylýar.


düýn 23:54
624

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....