Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

  • 25.03.2026 11:00
  • 768

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi.

WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler. Şeýle hem işläp düzüjiler interaktiw barlaghanalara gatnaşyp biler — bu bolsa olara Apple-iň inženerleri we dizaýnerleri bilen pikir alyşmaga, sowal bermäge we tejribe almaga mümkinçilik berer.

Esasy tanyşdyrylyş (Keynote) we «Platforms State of the Union» sessiýasy 8-nji iýunda bolar. Görnüşi ýaly, edil şol gün Apple iOS 27 ulgamyny we beýleki operasion ulgamlaryň täzelenen wersiýalaryny hödürlär.

Şeýle-de, 8-nji iýunda gatnaşyjylaryň çäkli sany we «Swift Student Challenge» talyp bäsleşiginiň ýeňijileri üçin ýörite ýüzbe-ýüz duşuşyk geçiriler.

WWDC çäresinde Apple-iň täze önümlerine garaşmaly däl, sebäbi maslahat diňe programma üpjünçiligi meselelerine bagyşlanýar. Täze enjamlar bolsa, adatça, sentýabr aýyndaky çärede tanyşdyrylýar.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....