Dueýn Jonsonly "Moananyň" film görnüşiniň treýleri çykdy

  • 24.03.2026 16:51
  • 7.3k+

Disney kompaniýasy “Moana” multfilminiň kino görnüşdäki remeýkiniň resmi treýlerini çykardy. Filmiň halkara derejesinde ilkinji görkezilişini 10-njy iýulda geçirmek meýilleşdirilýär.

Baş keşbi kinoda ilkinji gezek çykyş edýän Ketrin Lagaýa ýerine ýetirýär.

Öň mulftilmde ýarymhudaý Maui atly gahrymana ses beren Dueýn Jonson indi ony ekranda janlandyrdy.

Film Motunui adasyndan bolan Moana atly gyzyň öz halkyny halas etmek we Polineziýada ýiten adany tapmak üçin howply syýahata çykyşyny gürrüň berýär.

Filme "Gamilton" mýuzikli bilen tanalýan Tomas Keýl režissýorlyk etdi. "Moananyň" multfilm görnüşi 2016-njy ýylda peýda boldy, dowamy bolsa 2023-nji ýylda çykdy. Olar jemi 1,7 milliard dollar töweregi girdeji gazandy. Birinji bölüm 643 million dollar gazanyp, "Iň gowy animasiýa filmi" ugry boýunça "Oskar" baýragyna dalaş etdi, ondaky How Far I'll Go aýdymy bolsa "Iň gowy aýdym" ugry boýunça baýraga göreşdi.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....