Özbegistanda internetde paýyş sözleri we kemsitme ulananlar üçin jerimeler girizilýär

  • 23.03.2026 15:56
  • 4.4k+

«Özbegistanyň Oliý Mejlisiniň Kanunçylyk palatasy internetde kemsitmeler we paýyş sözler üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan täze kanuny kabul etdi. Resminama häzirki wagtda Senatyň garamagyna iberildi» diýip, Gazeta.uz habar berýär.

Kabul edilen üýtgetmelere görä, telekommunikasiýa ulgamlarynda gödek sözleri ulananlara, kemsidiji hereket edenlere, jemgyýetçilik tertibini bozan we söweş hereketlerine çagyryp, yşarat edenlere berk temmiler bellenilýär:

Kemsidip, adam mertebesini peseldenlere 5 million suma çenli (takmynan 400 dollar) jerime ýa-da 10 gije-gündize deňiç administratiw tussag edilmegi teklip edilýär.

Öz eden bikanun hereketlerini internetde ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezen (mysal üçin, düzgün bozup wideo düşüren) adamlar hem jogapkärçilige çekiler.

Deputat Saýdullo Azimowyň bellemegine görä, bu resminama «ownuk bitertiplik» maddasynyň çäginde has-da takyklaşdyryldy. Mundan başga-da ýaragly çaknyşyklara gatnaşmagy wagyz edýän materiallary ýaýradýanlar üçin hem jogapkärçilik girizilýär. Saklanylan emlägi gizlemek ýa-da zaýalamak üçin jerime möçberi 100-den 20-ä çenli (binýatlyk hasaplama mukdaryna) peseldildi. Bu işlere gözegçilik etmek Mejbury ýerine ýetiriş býurosyna (MÝÝB) tabşyryldy.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

03.06.2026 23:15
3.9k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

26.05.2026 19:02
7.5k+

Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara ýaryşynyň ilkinji üçlügine girdi

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Özbegistanda tamamlanan Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda üçünji ýeri eýeledi....