ABŞ-da muzeýe gelenler 10 müň ýyllyk mamontyň gyýagyny döwdüler

  • 21.03.2026 09:01
  • 5.9k+

​ABŞ-da muzeýe gelen iki sany erkek kişi takmynan 10 müň ýyllyk taryhy bolan we gymmaty 200 müň dollar diýlip bahalandyrylýan mamontyň gyýagyny döwdüler. Bu ýakymsyz waka barada New York Post neşiri habar berýär.

​Polisiýanyň maglumatyna görä, 46 ýaşly Brett Howard we 48 ýaşly Todd Azewedo Kaliforniýadan Missuri ştatyna gelip, ýerli muzeýe gezelenç ediýärler. Gezelenç wagtynda olaryň biri beýlekisiniň egnine münüp, agramy 90 kg-a golaý bolan tüýli mamontyň gyýagyny ellemäge synanyşýar.

​Netijede, bolgusyz hereketler zerarly taryhy gymmatlyk ýere gaçyp, birnäçe bölege bölünýär. Bu waka şolbada wideo-gözegçilik kameralarynda görülýär.

Olar muzeý işgärine tutdurman, çalasynlyk bilen binadan gaçyp çykmaga ýetişen-de bolsalar, polisiýanyň elinden welin, sypyp bilmeýärler. 

Netijede düzgün bozujylaryň ikisi-de birinji derejeli uly zeper ýetirmek aýyplanmasy bilen saklanyldy. Häzirki wagtda olaryň her biri 15 müň dollar girew puly töläp, wagtlaýyn boşadyldy. Ýöne iş munuň bilen bitenok. Olara 4 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilme jezasy-da garaşýar.

​«Bu öwezini dolup bolmajak ýitgidir. Şeýle gadymy tapyndylaryň ornuny hiç zat bilen tutup bolmaz» diýip, Teni okrugynyň şerifi Bred Deniels gynanyp gürrüň berýär.


şu gün 20:25
1.9k+

«Hoş geldiňiz, ýöne özüňizi gowy alyp baryň!»: Tramp öz portreti bolan ABŞ pasportyny görkezdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çäklendirilen tapgyrda çykaryljak amerikan pasportlarynyň nusgasyny görkezdi. Bu tapgyryň çykarylmagy ýurduň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanýar. Döwlet Baştutany täze......

şu gün 16:55
2.9k+

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

düýn 23:56
5.8k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......