«Guzujyklar dymdymy?»: Collider kino taryhynda iň ähmiýetli horror filmleriň reýtingini düzdi

  • 20.03.2026 18:15
  • 2k+

«Collider» neşiri kino taryhynda horror žanry üçin iň ähmiýetli hasaplanýan 20 sany filmiň sanawyny hödürledi.

Giriş sözünde bellenilişi ýaly, elhençlik filmleri kinematografiýanyň ösüşiniň irki tapgyrlaryndan bäri durnukly tomaşaçylar köpçüligini özüne çekip gelýär. Wagtyň geçmegi bilen bu žanra bolan gyzyklanma peselmedi we şu günki gün hem şeýle filmler tomaşaçylar hem-de tankytçylar tarapyndan işjeň gürrüňi edilýär.

Reýtingde birinji ýeri 1991-nji ýylda surata düşürilen, Entoni Hopkins we Jodi Foster ýaly meşhur aktýorlaryň gatnaşmagyndaky «Guzularyň dymmagy» (Молчание ягнят) filmi eýeledi. Neşir bu filmi takyk depgini we aktýorlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren rollary netijesinde uly üstünlik gazanan jenaýat trilleri diýip atlandyrdy.

Ikinji orunda režissýor Jon Karpenteriň 1982-nji ýyldaky «Närse» (Нечто) filmi ýerleşdi. Filmiň sýužeti başga organizmleriň şekiline girip bilýän gelmişek bilen ýüzbe-ýüz bolan alymlar topary barada gürrüň berýär.

Üçünji ýeri Stiwen Spilbergiň 1975-nji ýyldaky «Dişler» (Челюсти) filmi eýeledi. Collider-iň bellemegine görä, bu film blokbasterleriň ösmegine täsir etdi we tomaşaçylaryň akulalara bolan garaýşyny üýtgetdi, şondan soň meňzeş sýužetli horror filmleriň aýratyn bir kiçi žanry emele geldi.

Sanawa şu aşakdakylar hem girizildi:

  • «Keseki» (Чужой, 1979)
  • «Ýok bol» (Прочь, 2017)
  • «Ýalkym» (Сияние, 1980)
  • «Hellouin» (Хэллоуин, 1978)
  • «Psiho» (Психо, 1960)
  • «Tehasdaky benzin byçgyly gyrgynçylyk» (Техасская резня бензопилой, 1974)
  • «Şeýtan kowujy» (Изгоняющий дьявола, 1973)
  • «28 gün soň» (28 дней спустя, 2002)
  • «Çirkin ses» (Крик, 1996)
  • «Günäliler» (Грешники, 2025)
  • «Amerikan psihopaty» (Американский психопат, 2000)
  • «Öý» (Дом, 1986)
  • «Diri ölüleriň gijesi» (Ночь живых мертвецов, 1968)
  • «Ýolugan» (Одержимая, 1981)
  • «Mizeri» (Мизери, 1990)
  • «Siňek» (Муха, 1986)
  • «Doktor Kaligariniň iş otagy» (Кабинет доктора Калигари, 1920)

düýn 11:19
911

Mettýu MakKonahi we Pedro Paskal Pak Çhan Ugyň western filminde surata düşerler

Meşhur günorta koreýaly režissýor Pak Çhan Uk «Rettlkrikli garakçylar» («Разбойники из Рэттлкрика») atly täze western-triller filmini surata düşürer. «Variety» neşiri baş rollary Mettýu MakKonahiniň, Pedro......

29.04.2026 17:15
2.1k+

2026-njy ýylda Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar

Bu ýylky Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy Meggi Džillenhol bolar...

29.04.2026 08:01
2.5k+

“Jon Wik” äleminden Kain baradaky spin-off filminiň surata düşürilişi başlandy

“Jon Wik” franşizasynyň spin-offy bolan, ganhor Kain baradaky solo filmiň surata düşürilişi başlandy. Taslamany filmde baş keşbi janlandyrjak we režissýorlyk etjek aktýor Donni Ýen yglan etdi....

27.04.2026 22:20
4.6k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...