Apple 550 dollardan sinhron terjimeçili AirPods Max 2 gulaklyklaryny hödürledi

  • 20.03.2026 12:10
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy täze önümler möwsümini tamamlamaga howlukmaýan ýaly görünýär — kompaniýa doly ölçegli AirPods Max gulaklyklarynyň ikinji neslini tanyşdyrdy.

Ilki bakyşda enjam tanyş görünýär: uly göwrümli alýumin çaşkalary, torly daşlyk we şol bir agram — 386 gram. Daşky görnüşi boýunça täze modeli birinji wersiýasyndan tapawutlandyrmak mümkin däl diýen ýaly. Emma reňk öwüşginleri has giňeldi: gulaklyklar gök, melewşe, sarymtyl, narynç we gara reňklerde çykar.

Esasy üýtgeşmeler enjamyň içinde ýerleşýär. AirPods Max 2 täze H2 prosessory bilen enjamlaşdyryldy we ol ses basyşyny işjeňleşdirýän ulgamyň binýadyna öwrüldi. Apple-iň tassyklamagyna görä, bu ulgam öňküsinden 50% has netijeli işleýär. Şunuň bilen birlikde täze funksiýalar hem peýda boldy: gulaklyklar gürrüňi sinhron terjime etmäge ukyplydyr, «Conversation Awareness» tertibi bolsa ulanyjy gürläp başlanda sesi awtomatik peseldýär we dury görnüşi işe girizýär.

Şeýle-de, sesiň hili kämilleşdirildi. Täze HDR güýçlendirijisi dinamiki diapozony giňeldýär, Bluetooth arkaly bökdençlikler azaldyldy, USB-C arkaly simli birikdirilende bolsa 24 bit we 48 kGs parametrli Hi-Fi audio goldawy yglan edildi.

Şol bir wagtyň özünde, käbir aýratynlyklar üýtgewsiz galdy. Dolandyryş öňküsi ýaly «Digital Crown» tigirjigine baglydyr, aýratyn öçürijisiz işleýär we energiýa tygşytlaýjy tertibi diňe ýörite gaby ulanylanda işjeňleşýär. Batareýanyň durnuklylygy hem öňküligine galdy — ses basyş ulgamy işläp durka 20 sagada çenli ýetýär.

Sargytlar 25-nji martda başlanar, ilkinji önümler bolsa aprel aýynyň başynda garaşylýar. Bahasy — 550 dollar.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....