Apple Music-iň abunaçylary aýdymy dolulygyna göni TikTok-da diňläp bilerler

  • 18.03.2026 10:02
  • 1k+

Apple Music-iň abunaçylary täze «Play Full Song» we «Listening Party» funksiýalarynyň kömegi bilen aýdymlary göni TikTok goşundysynyň içinde dolulygy bilen diňläp bilerler. Bu barada «The Verge» neşiri habar berýär.

«Play Full Song» düwmesi aýdymy maslahat berilýänler lentasyndan ýa-da sesiň (audio) sahypasyndan göni doly görnüşde diňlemäge mümkinçilik berer. «Listening Party» tertibinde bolsa ulanyjylar dostlary bilen bilelikde aýdym diňlemek üçin sessiýalary döredip ýa-da artistleriň göni ýaýlymlaryna goşulyp bilerler.

Bu täzelenmäniň ýakyn hepdeleriň dowamynda bütin dünýädäki ulanyjylar üçin elýeterli bolmagyna garaşylýar. Şunda sazandalar öz aýdymlarynyň diňlenmegi (striming) üçin standart töleglerini almagy dowam ederler.

«Söýgüli sazyňy diňlemek aňsat bolmaly. Apple Music-iň abunaçylary TikTok-da täze aýdymy tapanlaryndan soň, platformany çalşyryp oturmazdan ony derrew diňläp bilerler» diýip, Apple Music-iň bilelikdäki ýolbaşçysy Ole Obermann belledi.

Mundan öň YouTube platformasynyň şahsy habarlaşyk hyzmatyny synagdan geçirmegi dowam edýändigi mälim boldy. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda bu funksiýa Polşadaky we Irlandiýadaky ulanyjylarda synag tertibinde peýda boldy, soňra bolsa beýleki Ýewropa ýurtlaryna hem ýaýradylyp başlandy.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....