Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

  • 18.03.2026 09:40
  • 2.6k+

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID.Unyx tapgyrynda ilkinji gezek 800 woltlyk ýokary elektrik güýçli platformada gurnaldy.

Ulagyň salony sürüjä gönükdirilen dolandyryş bölümi–kokpit ýörelgesi esasynda taýýarlanypdyr. Sürüjiniň öňünde 10,25 dýuýmlyk sanly gural paneli, şeýle hem 2.4K durulygyndaky iki sany birleşdirilen 14,96 dýuýmlyk ägirt uly ekran ýerleşdirilendir. Bu ekranlar arkaly nawigasiýany, ulagyň tehniki ýagdaýyny we kömekçi ulgamlary aňsatlyk bilen dolandyryp bolýar. Iki sütünli rul bolsa fiziki düwmeler we dolandyryş tigirçekleri bilen enjamlaşdyrylan.

Ulagyň ähli oturgyçlary ýumşak Nappa derisi bilen örtülendir. Sürüjiniň oturgyjy ýyladyş, sowadyş we massaž funksiýalaryna eýe. Öňdäki ýolagçynyň oturgyjy bolsa 14 ugur boýunça sazlanýar we ýörite elektrikli aýak diregi bilen üpjün edilen. Bu oturgyç 120 gradus yza ýatyrylyp, salonyň içinde giňişleýin dynç alyş ýerini döredýär. Yzky oturgyçlarda bolsa söýegleri 10 gradus sazlamak we eplenýän stoljyklardan peýdalanmak mümkinçiligi bar.

Krossoweriň meýdany 1,74 m² bolan ägirt uly panorama üçegi bar. Onuň aýratynlygy — durylygyň 10 derejeli akylly sazlama ulgamyna eýe bolmagydyr. Bu bolsa Günüň şöhlesini islege görä ugrukdyrmaga mümkinçilik berýär.

Modeliň iki görnüşi hödürlener:

  • Arka çekiji: bu görnüşde diňe bir elektrik motory bolup, onuň kuwwaty 230 kW (308 at güýji) deňdir.
  • Doly çekiji: bu görnüş jemi iki sany motor bilen üpjün edilendir. Olaryň biri öň tarapynda 140 kW (188 at güýji), beýlekisi bolsa arka tarapynda 230 kW (308 at güýji) kuwwatlylykda işleýär.

Akkumulýatorlar bir gezekki zarýad bilen 630, 700 ýa-da 730 km ýol geçmäge (CLTC sikli boýunça) ukyplydyr. Şeýle hem, ulagda awtomat duralga goýmak funksiýaly döwrebap sürüji kömekçisi hem bar.

Awtomobiliň uzynlygy 5 metr bolup, tigirleriniň arasyndaky uzaklyk 3030 mm-e deňdir. Ulagyň gurluşynda Hytaýyň «Xpeng» elektrik awtomobilleriniň käbir öňdebaryjy tehnologik çözgütleri ulanylypdyr.


düýn 06:21
4.4k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

17.05.2026 15:25
6.2k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....

16.05.2026 18:14
4.1k+

Lamborghini taryhynda iň güýçli rodsterini hödürledi: ony bary-ýogy 15 adam sürüp biler

Lamborghini markasy öz taryhyndaky iň kuwwatly açyk awtomobili bolan täze Fenomeno rodsterini tanyşdyrdy. Modeliň gibrid güýç gurluşy 1080 at güýjüni öndürýär. Kompaniýa bu awtomobilden diňe 15 nusga çykarmagy......

15.05.2026 11:08
3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....