Deep Robotics adam daşamaga ukyply robot-atyny tanyşdyrdy

  • 17.03.2026 21:11
  • 5.6k+

Hytaýyň emeli aň we robototehnika ulgamynda iş alyp barýan Deep Robotics kompaniýasy at görnüşindäki üýtgeşik robotyny görkezdi. Bu taslama gündogar senenamasy boýunça 2026-njy – at ýylyna bagyşlanyp taýýarlandy.

Täze robota esas hökmünde senagat üçin niýetlenen Lynx M20 platformasy alyndy. Bu robotyň özboluşly tarapy, onuň hem tigirli, hem ätleýän şassisiniň bolmagydyr. Şeýle gurluş oňa örän çylşyrymly ýollarda we howply şertlerde bökdençsiz hereket etmäge mümkinçilik berýär.

Işläp düzüjiler robotyň daş keşbiniň hakyky atyň ölçeglerine juda ýakyn görnüşde bolmagyny gazandylar. Robotyň kellesi, guýrugy we hatda ata mahsus hereketleri gaýtalaýan toýnaklary-da bar. Onuň göwresi iň kiçijik at hasaplanýan poniden hem biraz kiçidir.

Robot-at diňe bir dürli tizlikde ýöremek ýa-da her hili oýunlary ýerine ýetirmek bilen çäklenmeýär. Ol öz üstünde adamy göterip, ony belli bir aralyga daşamaga-da ukyplydyr. Bu bolsa geljekde şeýle robotlaryň diňe bir senagatda däl, eýsem dynç alyş we syýahatçylyk pudagynda hem ulanylyp bilinjekdigini görkezýär.


10.06.2026 11:10
742

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....