Pompeýdäki diwaryň ýüzünden gadymy söýgi haty tapyldy

  • 17.03.2026 20:33
  • 4.3k+

Arheologlar gadymy Pompeý şäheriniň diwarlarynyň birinde daşa çyzylyp ýazylan 300-e golaý haty, şol sanda söýgi beýan edilen özboluşly diwar ýazgysyny tapdylar. Bu tapyndy barada What's The Jam neşiri habar berýär.

Barlag işlerini «Corridor Rumors» taslamasynyň hünärmenleri geçirdiler. Olar mundan 230 ýyl ozal gazylyp, üsti açylan diwary täzeden öwrendiler. Bu diwar hem, tutuş şäher ýaly, biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň pürken külleriniň aşagynda galypdy. Alymlar häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen daşyň ýüzüne ýazylan köp sanly tekstleri ýüze çykardylar.

Tapylan ýazgylaryň arasynda alymlara «Men howlugyp barýaryn. Özüňi gora, meniň Sawam we meni hökman söýgüniň!» diýen sözlerden ybarat söýgi hatyny okamak başartdy.

Arheologlar bu hatyň golaýynda gladiatorlaryň söweşini şekillendirýän suratyň we antik döwrüň köçe sungatynyň beýleki nusgalarynyň hem üstünden bardylar.

Arheologik seýilgähiň müdiri Gabriel Suhtrigel häzirki zaman tehnologiýalarynyň «gadymy dünýäniň täze gapylaryny açmaga» mümkinçilik berýändigini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, şu güne çenli şäheriň dürli künjeklerinden tapylan 10 müňden gowrak ýazgy goralyp saklanylýar. Suhtrigel bu ýazgylaryň geçmişden gelen möhüm habarlardygyny we gadymy Pompeýiň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyny göz öňüne getirmekde uly ähmiýete eýedigini belleýär.

Mundan ozal hem taryhy şäheriň harabalaryndan çaganyň çeken suratlary tapylypdy. Tapyndylar alymlara şol döwrüň gladiator söweşleriniň nähili geçirilendigi barada has takyk maglumat almaga kömek edipdi. Bu suratlaryň we ýazgylaryň hemmesi biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylyndaky wulkan partlamasyndan öň döredilipdir.


düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.5k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......