Britaniýaly ýazyjylar emeli aň ulanylman ýazylan kitaplar üçin ýörite logotip döretdi

  • 17.03.2026 19:09
  • 1.3k+

Beýik Britaniýanyň «Society of Authors» (SoA) — Ýazyjylar, illýustratorlar we terjimeçiler birleşmesi — «Human Authored» logotipini hödürledi. Ol generatiw emeli aňy ulanmazdan, diňe adamlar tarapyndan ýazylan kitaplary tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Bu belligi neşiriň yzky daşlygynda ýerleşdirmek teklip edilýär.

SoA-nyň düşündirişine görä, emeli aň arkaly döredilen kontente bellik etmek boýunça döwlet tarapyndan hökmany talaplaryň ýoklugy sebäpli, okyjylara adamlar tarapyndan döredilen eserleri algoritmler tarapyndan ýazylan tekstlerden tapawutlandyrmak barha kynlaşýar. Täze logotip kitaby awtoryň generatiw modelleri ulanmazdan döredendigini görkezmelidir.

Guramanyň ýerine ýetiriji direktory Anna Ganli generatiw platformalaryň peýda bolan pursatyndan bäri SoA-nyň awtorlaryň hukuklaryny goramak we olaryň zähmetine adalatly hak tölenmegi ugrunda çykyş edýändigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, bu bellik ulgamy diňe wagtlaýyn çäre hökmünde görülýär. Emeli aň tarapyndan döredilen kontente bellik etmek üçin hökmany kadalaryň kabul edilmegi zerurdyr.

Munuň ýaly başlangyç bilen ozal ABŞ-nyň Awtorlar gildiýasy hem çykyş edip, 2025-nji ýylda Human Authored nyşanyny hödürläpdi.

Golaýda 10 müňe golaý ýazyjy awtorlaryň razylygy bolmazdan kitaplaryň emeli aňy okatmak üçin ulanylmagyna garşy nägilelik aksiýasyny geçirdi. Olar «Bu kitaby ogurlamaň» (Don't Steal This Book) diýen at bilen «boş» kitap neşir etdi. Bu neşirde hiç hili tekst ýokdur, diňe sahypalarda aksiýa gatnaşyjylaryň sanawy ýerleşdirilipdir.

Kitabyň nusgalary 10-njy martda Londonyň kitap ýarmarkalarynyň birinde paýlanyldy. Taslamanyň gatnaşyjylarynyň arasynda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguro, ýazyjylar Filippa Gregori, Riçard Osman, Mik Gerron, Merian Kiz we Melori Blekmen bar. Aksiýany guraýjy Ed Nýuton Reks emeli aň pudagynda awtorlaryň eserleriniň rugsat alynmazdan we hak tölenmezden ulanylýandygyny aýtdy.


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......