Bredli Kuper «Ouşeniň on bir dosty» filminiň prikwelini surata düşürmäge taýýarlanýar

  • 17.03.2026 16:53
  • 1.2k+

«Amerikaly meşhur aktýor Bredli Kuper «Ouşeniň on bir dosty» filminiň prikweline režissýorlyk etmek isleýär» diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, Kuper diňe bir režissýor bolmak bilen çäklenmän, eýsem ssenariýany ýazmagy we baş keşbi janlandyrmagy-da meýilleşdirýär. Häzirki wagtda aktýor taslama gatnaşmak boýunça gepleşikleri geçirýär. Ýöne bu boýunça gutarnykly ylalaşyk gazanylandygy hakynda heniz maglumat ýok.

Aslynda ozal filmiň režissýory hökmünde Li Aýzek Çun göz öňünde tutulýardy. Emma ol surata düşüriliş işleriniň başlamagyna bir ýyldan gowrak wagt barka, taslamadan ýüz öwürdi.

Golaýda Kuperiň «Bu zat işleýärmi?» («Эта штука работает?») atly täze filmi ekranlara çykdy. Ol bu kinofilmde Uill Arnett we Laura Dern bilen bilelikde surata düşdi. Onda Kuper bilen Dern biri-birinden sowaşyp barýan är-aýal — Aleksyň we Tessiniň keşbini janlandyrýarlar.

Maşgalasynyň dargaýan pursadynda Kuperiň gahrymany stend-ap arkaly durmuşyndan täze many gözlemäge synanyşýar.


düýn 23:54
746

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....