BMW täzelenen 7-nji seriýaly sedanynyň ilkinji suratyny görkezdi

  • 17.03.2026 16:29
  • 5k+

BMW konserni täzelenen 7-nji seriýaly sedanynyň ilkinji resmi suratyny çap etdi. Deslapky maglumatlara görä, modeliň tanyşdyrylyş dabarasy aprel aýynyň ahyrynda açyljak Pekin awtosergisinde bolup biler.

Çap edilen tizerden görnüşi ýaly, awtoulagyň daşky görnüşinde düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar. Emma «BMW Blog» neşiriniň habar bermegine görä, sedanyň salony düýpli täzelenip biler.

Salonyň mundan ozal BMW iX3 modelinde görkezilen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda adatdan daşary şekilli ekrany bolan media ulgam we öňdäki aýnanyň bütin giňligine maglumat çykarýan Panoramic iDrive displeýi bar. Şeýle-de, ýolagçy üçin aýratyn sensor ekranynyň goşulmagy hem mümkindir.

Deslapky maglumatlara görä, hereketlendirijileriň görnüşleri öňküligine galar, ýöne olar «Ýewro-7» ekologiýa kadalaryna laýyk gelmegi üçin kämilleşdiriler. Sedanyň elektrik wersiýalary bolsa täze batareýalaryň hasabyna bir zarýadda birneme has uzak ýol geçip bilerler.

BMW 7-nji seriýasy, şeýle-de, Alpina subbrendi astynda ýörite wersiýasy çykaryljak ilkinji dalaşgärleriň biri hökmünde agzalýar. Modeliň iň kaşaň modifikasiýasynyň 2027-nji ýylda peýda bolmagyna garaşylýar.

Konserniň iň ýakyn wagtdaky täzeligi bolsa 18-nji martda tanyşdyryljak Neue Klasse platformasyndaky i3 elektrik sedany bolar.


düýn 12:31
1.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.2k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
12k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....