«Ultra-kaşaň şeýle bolmaly»: Dreame altyn we brilliantlar bilen bezelen smartfonlary hödürleýär

  • 14.03.2026 10:07
  • 4.6k+

Öý hojalyk tehnikalaryna ýöriteleşen Hytaýyň Dreame kompaniýasy ykjam gurluşlaryň bazaryna çykanyndan soň, «Appliance Consumer Electronics Expo» (AWE 2026) sergisinde mega-gymmat we kaşaň smartfonlaryny görkezdi.

Ultra-premium segmentinde Vertu brendi bilen bäsleşmek isleýän kompaniýanyň bu ugurda strategiýasy tehnologik täzelikleriň esasynda däl-de, hut daşky bezegiň esasynda gurulýar: smartfonda altyn we gymmat bahaly daşlar näçe köp bolsa, ol şonça-da gymmat bolýar.

Sergide görkezilen smartfonlaryň esasy flagmanynyň bahasynyň 1000 dollar boljakdygy we ulanylan altynyň hem gymmat bahaly daşlaryň mukdaryna görä 15 000 dollardan hem geçip biljekdigi aýdyldy. Kompaniýanyň wekilleri sergide eýýäm käbir müşderileriň Dreame telefonlary üçin deslapky sargytlary berendigini belledi.

Dreame smartfonlary Android 16 ulgamynda işleýär, ýöne kompaniýa geljek ýylda olary öz hususy operasion ulgamyna geçirip biljekdigini hem ret etmeýär.

Smartfonlaryň tehniki taraplary barada maglumat berilmeýär, ýöne şeýle gurluşlary satyn alyjylar üçin bu zatlar o diýen möhüm bolman hem biler.

Ýeri gelende bellesek, ozal kompaniýa tarapyndan hödürlenen flagman Dreame RS1 — bu Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessorly, 144 Gs ýygylykly ekrana eýe bolan we 7200 mAs akkumulýatorly (90 Wt simli, 80 Wt simsiz zarýad beriş) Nubia Z80 Ultra modeliniň başgaça atlandyrylan görnüşidir. Enjam IP69 goragyna, 50 + 50 + 64 MP kameralar toplumyna eýe boldy. Onuň 16 MP frontal kamerasy bolsa displeýiň aşagynda ýerleşdirildi.


şu gün 23:04
99

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 17:00
2.6k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.8k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......