Täze TCL telewizory tas 11 000 nit ýagtylyk görkezip, HDR10 standartynyň çäginden geçdi

  • 15.05.2026 07:46
  • 3k+

85 dýuýmlyk «TCL X11L SQD Mini LED» telewizory geçirilen synaglaryň dowamynda takmynan 11 000 nit – iň ýokary ýagtylyk görkezdi we «PQ HDR10» standartynyň resmi taýdan bellenen 10 000 nitlik çäginden geçmegi başardy.

Bu ölçegleri meşhur synçy Winsent Teo tarapyndan geçirdi. Ol alnan netijäniň kompaniýanyň bu noutbuk we telewizor seriýalary üçin bellenilen «HDR 10 000» görkezijisinden hem ýokary bolandygyny belledi.

«Men edil ýaňy 85 dýuýmlyk «TCL X11L SQD (Super Quantum Dot) Mini LED» telewizorynda takmynan 11 000 nit ýagtylygy ölçedim. Bu hatda «PQ HDR10» standartynyň 10 000 nitlik iň ýokary çäginden hem geçýär. Munuň sarp ediji telewizor tehnologiýalary üçin hakykatdan hem taryhy wakadygyny bellemek gerek» diýip, Teo X sosial ulgamynda ýazdy.

«X11L» seriýasy TCL kompaniýasynyň flagman Mini LED telewizorlaryna degişlidir. Onuň 85 dýuýmlyk görnüşinde 14 400 sany ýerli garaňkylyk zolagy, 98 dýuýmlyk modelinde bolsa 20 736 zolak göz öňünde tutulypdyr. Şeýle yşyklandyryş ulgamy HDR sahnalarynda iň ýokary ýagtylyga ýetmäge we ony has takyk dolandyrmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde gürrüň ekranyň doly yzygiderli ýagtylygy barada däl-de, eýsem käbir böleklerindäki gysga möhletli ýagtylyk partlamalary barada gidýär. Teo eger telewizor bütin ekran boýunça yzygiderli 11 000 nit ýagtylyk beren bolsa, onuň ýagtylyk akymynyň takmynan 68 800 lýumene – ýagny bir sport meýdançasyny yşyklandyryş derejesine ýetjekdigini belledi.

Synçynyň bahasyna görä, şeýle ýokary ýagtylyk uly energiýa sarp edilişi bilen hem baglanyşyklydyr. Deňeşdirmeli bolsa, TCL-iň beýleki Mini LED modelleri SDR režiminde 155 Wt-a çenli, HDR kontentleri görkezilende bolsa 690 Wt-a çenli tok sarp edip bilýärler.


düýn 23:26
820

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.5k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....