Astanada geçiriljek üçünji «Geljegiň oýunlarynyň» seneleri belli boldy

  • 12.03.2026 20:34
  • 3.3k+

2026-njy ýylda Astanada meýilleşdirilen «Geljegiň oýunlary» 29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçiriler. Bu barada fijital-sport ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Oýunlaryň maksatnamasyna sekiz sany ugur girer: fijital-futbol, fijital-basketbol, fijital-şuter, fijital-tanslar, fijital-söweş sungaty, şeýle hem MOBA žanryndaky mobil we kompýuter oýunlary hem-de fijital elementli «batl-roýal» žanryndaky oýunlar.

«Geljegiň oýunlarynyň» baýrak gaznasy 4,75 million dollara deň bolar. Ýaryşlara 900-den gowrak türgen gatnaşar. Olar «Barys Arenada» we ýene-de dört sany meýdançada özara bäsleşer.

«Geljegiň oýunlary» klassyky sporty kibersport ýa-da VR/AR-tehnologiýalary bilen birleşdirýän fijital (physical+digital) konsepsiýasyndaky gibrid ugurlar boýunça innowasion halkara ýaryşlarydyr. Birinji «Geljegiň oýunlary» 21-nji fewral — 3-nji mart aralygynda Kazanda we Soçide 107 ýurtdan 2 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilipdi. Şol wagt Oýunlaryň umumy baýrak gaznasy 10 million dollar boldy. Ikinji «Geljegiň oýunlary» bolsa 18-23-nji dekabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirildi.


03.04.2026 23:31
2.2k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

24.03.2026 10:21
2.4k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

07.02.2026 00:24
1.8k+

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Almaty şäherinde geçiriler. Degişli resminama Milanda Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (MOK) prezidenti Gennadiý Golowkin we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň başlygy Joan bin Hamad Al-Tani tarapyndan gol çekildi...

01.02.2026 09:09
3.1k+

Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy

Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy...