2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler

  • 07.02.2026 00:24
  • 1.8k+

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Almaty şäherinde geçiriler. Degişli resminama Milanda Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (MOK) prezidenti Gennadiý Golowkin we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň başlygy Joan bin Hamad Al-Tani tarapyndan gol çekildi. Bu barada respublikanyň MOK-ynyň saýtynda habar berilýär.
«2029-njy ýylyň Aziýa oýunlarynyň Almatyda geçirilmegi gyşky Olimpiýa sport görnüşlerini ösdürmek üçin goşmaça itergi bolar. Bu biziň üçin uly synag — toplanan tejribämize hem-de eýýäm bar bolan we goşmaça gurluşygy talap etmeýän sport we şäher infrastrukturasyna daýanyp, ýurdumyzyň guramaçylyk ukybyny iş ýüzünde tassyklamak mümkinçiligidir» – diýlip, habarda Golowkiniň sözleri getirilýär. Ol Gazagystan üçin gyşky Aziadany gaýtadan kabul etmegiň «uly mertebedigini» nygtady.
Mundan ozal 2029-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugy Saud Arabystanyna berlipdi, ýöne kabul ediji tarap infrastruktura taslamalarynyň geriminiň giňligi we ýaryşlara taýýarlyk görmegiň goşmaça talaplary sebäpli, oýunlaryň möhletini üýtgetmegiň zerurdygyny mälim etdi.
Gazagystan 2011-nji ýylda hem gyşky Aziýa oýunlaryny kabul edipdi, 2017-nji ýylda bolsa Almatyda Bütindünýä gyşky Uniwersiada geçirildi.


03.04.2026 23:31
2.2k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

24.03.2026 10:21
2.4k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

12.03.2026 20:34
3.3k+

Astanada geçiriljek üçünji «Geljegiň oýunlarynyň» seneleri belli boldy

2026-njy ýylda Astanada meýilleşdirilen «Geljegiň oýunlary» 29-njy iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçiriler. Bu barada fijital-sport ýaryşlarynyň resmi saýtynda habar berilýär. Oýunlaryň maksatnamasyna sekiz sany...

01.02.2026 09:09
3.1k+

Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina belarusly Sobolenkony utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy

Gazagystanyň wekili, dünýäniň bäşinji raketkasy Ýelena Rybakina möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň ýeňijisi boldy. Final duşuşygynda 26 ýaşly Rybakina dünýäniň birinji raketkasy, 27 ýaşly belarusly Arina Sobolenkony 6:4, 4:6, 6:4 hasabynda utdy...