Apple geljekki iPhone we Apple Watch üçin alýumin korpuslaryny 3D printerde çap edip başlar

  • 12.03.2026 14:15
  • 2.7k+

Apple kompaniýasy geljekki enjamlary üçin alýumin korpuslaryny 3D çap etmegiň kömegi bilen öndürmek mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada Bloomberg agentliginiň žurnalisti Mark Gurman habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýakyn ýyllarda bu tehnologiýa Apple Watch sagatlarynyň korpuslarynyň aglaba bölegini öndürmekde ulanylyp bilner. Has uzak möhletleýin geljekde bolsa, meňzeş usulyň iPhone smartfonlary üçin hem ulanylmagyna garaşylýar.

Kompaniýa eýýäm aýry-aýry şaýlary ýasamakda 3D usulynda çap etmegi synagdan geçirdi. Şeýle tehnologiýa Apple Watch Ultra 3 sagadynyň titan komponentlerini we täze iPhone Air modelindäki ykjam USB-C portuny döretmekde ulanyldy.

Bu geçişiň esasy maksady — önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we özüne düşýän gymmatyny peseltmekdir. Adaty usullarda köp mukdarda metal galyndylary emele gelýär, 3D çap etme bolsa materialy ýitgisiz diýen ýaly ulanmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, bu tehnologiýa gurluş taýdan artykmaçlyklary berýär. Mysal üçin, printer korpusyň içerki diwarlarynda adaty gural bilen ýetip bolmajak çylşyrymly teksturany döredip bilýär. Bu eýýäm antenna zolagynda metal bilen plastmassa birleşmesini gowulandyrmaga we sagatlaryň suwa durnuklylygyny artdyrmaga kömek etdi.

Häzirki wagtda Apple-iň hünärmenleri 3D çap etme tehnologiýasyny alýumin bilen işlemäge uýgunlaşdyrýarlar.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

03.06.2026 00:06
2.3k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

28.05.2026 23:53
6k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....