ChatGPT aýdym-sazy tanamagy öwrendi: OpenAI çat-bota Shazam-y goşdy

  • 11.03.2026 19:57
  • 2.6k+

OpenAI kompaniýasy Shazam hyzmatyny gönüden-göni ChatGPT-niň interfeýsine goşdy. Shazam-yň eýesi bolan Apple kompaniýasy bilen baglaşylan strategik hyzmatdaşlygyň netijesinde ulanyjylar indi çat-botdan çykman, golaýda ýaňlanýan aýdymlary tanap bilýär.

Bu funksiýa hakyky goşundydaky algoritmlere esaslanýar, ýöne emeli aňyň mümkinçilikleri bilen has-da baýlaşdyrylýar. Ýagny, ChatGPT aýdymy tananyndan soň, diňe bir aýdymçynyň ýa-da aýdymyň adyny aýtmak bilen çäklenmän, eýsem şol bada onuň döreýiş taryhy, albom barada gysgaça maglumat berip ýa-da aýdymyň sözlerini tapyp bilýär.

Bu funksiýa Shazam goşundysynyň gurnalandygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, çat-botuň bar bolan ähli platformalarynda, şol sanda Windows we Android ulgamlarynda elýeterlidir. Bu bolsa Apple enjamlaryny ulanmaýanlar üçin hem Shazam tehnologiýasyny elýeterli edýär. Funksiýany işjeňleşdirmek üçin, ChatGPT-niň sazlamalaryna girip, elýeterli goşundylaryň bölüminden Shazam-y tapmaly. Şondan soň emeli aňdan töweregi «diňlemegi» haýyş etmek ýa-da soragyňyzy «Shazam» sözi bilen başlamak ýeterlikdir. Eger smartfonyňyzda Shazam goşundysy bar bolsa, sinhronizasiýanyň netijesinde çat-bot arkaly tapylan ähli aýdymlar ulanyjynyň umumy ýygyndysyna awtomatik goşulýar.

Şeýle-de, ChatGPT alnan maglumatlar bilen şol bada işlemäge hem mümkinçilik berýär — meselem, aýdymyň sözlerini hakyky wagtda terjime edip ýa-da meňzeş ýerine ýetirijileriň sanawyny düzüp bilýär.

Funksional mümkinçilikleri giňeltmek bilen bir hatarda, OpenAI maglumatlaryň howpsuzlygyna hem uly üns berýär, munuň subutnamasy hökmünde neýroulgam modellerini gowşaklyklardan goramak üçin ýakynda Promptfoo startapynyň satyn alynmagyny görkezmek bolar. Täze funksiýa kompaniýanyň ChatGPT-ni ulanyjynyň gündelik meselelerini çözýän «bitewi penjire» hyzmatyna öwürmäge çalyşýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.


21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......