Laporta Messä ýadygärlik dikjekdigini aýtdy we Hawi bilen bolan gapma-garşylygy düşündirdi

  • 10.03.2026 23:56
  • 11k+

«Barselona» futbol klubunyň prezidentligine dalaşgär Žoan Laporta Mundo Deportivo neşirine beren interwýusynda Lionel Messä ýadygärlik dikmek we stadionyň gurluşygy tamamlanandan soňra argentinaly hüjümçiniň hormatyna hoşlaşyk duşuşygyny geçirmek niýetiniň bardygy hakynda aýtdy.

«Biz stadionyň gurluşygy doly tamamlananda, Messä ýadygärlik oturtmak we onuň hormatyna hoşlaşyk duşuşygyny guramak isleýäris» diýip, Laporta interwýuda anyk belläp geçdi.

Ol şeýle-de, gürrüňiň barşynda toparyň öňki baş tälimçisi Hawi hakda hem agzady.

«Hawi öz interwýusynda meniň ony näme üçin wezipesinden boşadanymyň sebäplerini düşündirýär. Onuň özüne gereginden artyk göwni ýetip başlady hem-de hünäri bilen şahsy durmuşyny utgaşdyryp bilmedi. Ol «Barsanyň» «Real» bilen bäsleşip bilmejekdigini aýtdy we oýunçylary çalşyrmagy haýyş etdi. Men bolsa Hawä bu ýagdaýda işini dowam etdirip bilmejekdigini aýtdym» diýip, Laporta meseläniň döreýşini düşündirdi.

Mundan ozal Hawi hem «gök-gyzyl reňklileriň» ýolbaşçylaryny öz işlän döwründe toparyň düzümini güýçlendirmekden ýüz öwrendikleri üçin tankytlapdy. Ol La Vanguardia gazetine beren interwýusynda ýarym goragçy Martin Zubimendini transfer etmek synanyşygy barada ýatlap: «Men ýolbaşçylardan Zubimendini satyn almagy haýyş etdim. Ýöne maňa «ýok» diýdiler. Bu maliýe taýdan kabul edilen çözgütdi. Şeýdip olar has arzan görnüşi saýladylar. Şonda biz Busketsi ýitiripdik. Menem «Bu nädip beýle bolup biläýdi?» diýip oýlandym» diýip, bolan ýagdaýlardan nägilelik bildiripdi.

Hawi 2021–2024-nji ýyllar aralygynda «Barselona» toparynyň baş tälimçisi boldy. Bu döwürde topar Ispaniýanyň çempionlygyny we ýurduň Superkubogyny gazandy.

Häzirki wagtda hünärmen işsizligi başdan geçirýär.


11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

08.06.2026 16:49
9.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

04.06.2026 23:46
6.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......